ÜNS BERIŇ!

MAÝA GOÝUM BÄSLEŞIGI!

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşikleriniň geçirilýändigi barada habar berýär.

 

Maýa goýum bäsleşikleri 2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

 

Maýa goýum bäsleşigine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjasy, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgasy we Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjasy çykarylýar.

 

T/B

Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri

Işiniň görnüşi

Satylýan bahasy,

Manat

Hususylaşdyrmagyň

şertleri

 

TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA WE DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRLIGINIŇ DOLANDYRMAGYNDAKY PAÝNAMALAR BUKJASY

Ahal welaýaty

1.

«Gaýmak» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Babadaýhan şäherçesi.

 

Süýdi gaýtadan işlemek we süýt önümlerini öndürmek.

570 941

7150 sany (esaslyk maýasynyň 100 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini we iş orunlaryny saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak

 

TÜRKMENISTANYŇ OBA WE SUW HOJALYK MINISTRLIGINIŇ DESGALARY

Lebap welaýaty

2.

"Zynhary" m/h Halaç etrabynyň "J.Mähremow" adyndaky d/b çäginde ýerleşýän maldarçylyk fermasy

Mal ýatagy

295 609

Belli bir wagta çenli esasy iş görnüşini we iş orunlaryny saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak

 

TÜRKMENISTANYŇ AZYK SENATY DÖWLET BIRLEŞIGI

 

Lebap welaýaty

 

3.

“Sümmül” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji senagat zolagy.

Piwo we alkogolsyz içgileri öndürmek

8 672 644

35550 sany (esaslyk maýasynyň 100 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini we iş orunlaryny saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak

 

Мaýa goýum bäsleşigine bellenen görnüşde ýüz tutma beren, girew goýan, ýörite ýygym tölän we maýa goýum bäsleşigine gatnaşmak üçin bellenen möhletde bellige almakdan geçen Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplary we daşary ýurt edara görnüşli taraplary gatnaşmaga hukuklydyr.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

Ýüz tutmalary kabul etmek we maýa goýum bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan şu bildirişiň metbugatda çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşigiň başlanmagyna iki kalendar güni galanynda tamamlanýar.

Maýa goýum bäsleşigine gatnaşmagyň tertibi boýunça maslahatlar bermek we obýektler boýunça goşmaça maglumatlary bermek Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we ýerlerdäki utgaşdyryjy bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli maýa goýum bäsleşigine gatnaşyjylara desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

 

Aşgabat şäheri:

+99312 39-46-72/73/74/75

Änew şäheri:

+993137 3-65-56

Balkanabat şäheri:

+993222 7-89-33

Daşoguz şäheri:

+993322 5-41-75

Türkmenabat şäheri:

+993422 6-11-52

Mary şäheri:

+993522 6-06-87