BÄSLEŞIKLI SÖWDA!

 

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

 

Bäsleşikli söwdalar 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

 

Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Lebap welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjalary, Türkmengaz Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalarynyň sanawy.

t.b

Desgalaryň ady,

ýerleşýän ýeri

Desganyň görnüşi,
(işiniň ugry, gurlan ýyly)

Binalaryň meýdany, (inedördül metr)

Başlangyç bahasy

(manat)

Hususylaşdyrmagyň

şertleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary

Lebap welaýaty

1

Garabakewül etrap senagat kombinaty (Garabekewül etrabynyň Garabakewül şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 27-nji jaýy)

Tikin önümlerini öndürmek

1970 ý.

1 964,9

1 522 962

Hususy eýeçilige satmak

Mary welaýaty

2

Ýolöteniň Bezeg tikin fabrigi

Tikin önümlerini öndürmek

1987 ý.

9980

2 809 438, 26

Hususy eýeçilige satmak

Daşoguz welaýaty

3

Görogly şäherçesiniň Jorap trikotaž fabrigi, Görogly şäherçesi

Jorap önümlerini öndürmek

5870

416 581,36

Hususy eýeçilige satmak

Ahal welaýaty

4

G.Atamyradowa adyndaky tikin-trikotaž fabrigi, Duşak şäherçesi

Tikinçilik önümlerini öndürmek

 

1 197 876, 98

Hususy eýeçilige satmak

5

Halkyň sarp edýän harytlary önümçilik birleşiginiň 1-nji tikinçilik sehi, Baharly şäheri

Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek

 

2 923 783, 20

Hususy eýeçilige satmak

Lebap welaýat häkimliginiň desgasy

Lebap welaýaty

6

Atamyrat etrabynda hammamyň gurluşygy tamamlanmadyk desgasy (Atamyrat şäheriniň Köýtendag köçesi)

Gurluşygy tamamlanmadyk desga

1995-1996ý.

415

135 564,8

Hususy eýeçilige satmak

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary

Lebap welaýaty

7

Lebap döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi. Birata etrabynyň Gazojak şäheri, Sazakino demir ýol bekedi.

Söwda işleri,

1978 ý.

569

35 130

Hususy eýeçilige satmak

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjalary

Mary welaýaty

8

Garagum açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Garagum etraby.

Süýdi gaýtadan işlemek we süýt önümlerini öndürmek, 1991ý

---

1 248 340

4325 sany (esaslyk maýasynyň 99,43 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak

Lebap welaýaty

9

Saýat açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Saýat etraby.

Süýdi gaýtadan işlemek we süýt önümlerini öndürmek, 1946ý.

-----

965 696

24373 sany (esaslyk maýasynyň 100 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak

Türkmengaz Döwlet konserniniň desgalary

Lebap welaýaty

10

Daşoguzgazakdyryş müdirliginiň iki desgadan ybarat mal ýatagy (Birata etrabynyň Lebap şäherçesinde ýerleşýär)

Mal ýatagy

1984 ý.

1 930,62

133 423,5

Hususy eýeçilige satmak

11

Haly sehi (Birata etrabynyň Gazojak şäheriniň Şyharyk köçesi)

Önümçilik we Hyzmat

1990 ý.

664,3

167 989,5

Hususy eýeçilige satmak

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalary

Lebap welaýaty

12

"Arzuw" m/h Hojambaz etrabynyň "Gyzylgum" adyndaky d/b çäginde ýerleşýän maldarçylyk fermasy

Mal ýatagy

-----

66 700, 8

Hususy eýeçilige satmak

 

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak müdirliginde we welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki Baş ykdysadyýet we ösüş müdirlikleriniň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak baradaky ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki kärhanalar borçnamalary bilen birlikde hususylaşdyrylýar.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Aşgabat şäherinde

(+993 12) 39-46-72/

73/74/75

Änew şäherinde

(+993 137) 36-5-56

Balkanabat şäherinde

(+993 222) 7-89-33

Daşoguz şäherinde

(+993 322) 5-41-75

Türkmenabat şäherinde

(+993 422) 6-11-52

Mary şäherinde

(+993 522) 6-06-87