Beýleki döwlet edaralaryň Internet sahypalary
  

Türkmenistanyň Daşary Ykdysady
     Döwlet Bank


  

Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" Döwlet
     Täjirçilik Banky


  

Türkmenistanyň "Türkmenistan" Döwlet
     Täjirçilik Banky


  

Türkmenistanyň "Daýhanbank" Döwlet
     Täjirçilik Banky


 
Telekeçileri goldamak
 

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 11-nji aprelindäki 13600-nji “Döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň düzüm birliklerini we esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň tertibi hakynda” Karary we Döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň düzüm birliklerini we esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň Tertibi;

2. “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny;

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky 12758-nji “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karary we Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy;

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky 13746-nji “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyny we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny kämilleşdirmek hakynda” Karary we şu karar bilen tassyklanan Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda Düzgünnama hem-de Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýrylýan we hususylaşdyrylýan döwlet emläginiň gymmatyna baha kesmegiň Tertibi;

5. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2011-nji ýylyň 11-nji martyndaky 37 belgili “Hususylaşdyrylýan desgalary satmak boýunça auksionlar (täjirçilik bäsleşikleri) hakynda düzgünnamany tassyklamak barada” buýrugy
hem-de Hususylaşdyrylýan desgalary satmak boýunça auksionlar (täjirçilik bäsleşikleri) hakynda Düzgünnama;

6. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2011-nji ýylyň 13-nji aprelindäki 49 belgili “Hususylaşdyrylýan desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşikleri hakyndaky düzgünnamany tassyklamak barada” buýrugy hem-de Hususylaşdyrylýan desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşikleri hakynda Düzgünnama;

7. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2010-njy ýylyň 28-nji dekabryndaky 220 belgili “Emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary hasaba almagyň we bermegiň tertibini tassyklamak barada” buýrugy hem-de emläge eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnamalary hasaba almagyň we bermegiň Tertibi;

8. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2010-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndaky 15 belgili “Hususylaşdyrmadan soňky gözegçilik hakynda düzgünnamany tassyklamak barada” buýrugy hem-de Hususylaşdyrmadan soňky gözegçilik hakynda Düzgünnama;

9. 2014-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilýän maýa goýum bäsleşikleri barada bildiriş;

10. 2014-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilýän maýa goýum bäsleşikleri barada bildiriş;

11. “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistany kanuny;

12. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky 10901-nji “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda” Karary we şu karar bilen tassyklanan Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary hakynda Düzgünnama hem-de Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň Düzümi;

13. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 18-nji martyndaky 11570-nji “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karary we şu karar bilen tassyklanan Maksatnama;

14. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 23-nji awgustyndaky 5835-nji “Döwlet emlägini peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda” Karary we şu karar bilen tassyklanan Döwlet emläginiň kärendesiniň tertibi hakynda Düzgünnama;

15. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2011-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky 167 belgili “Döwlet emlägini kärendä (kireýine) we tölegsiz peýdalanmaga bermegiň şertnamalaryny baglaşmagyň hem-de hasaba almagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” buýrugy hem-de Döwlet emlägini kärendä (kireýine) we tölegsiz peýdalanmaga bermegiň şertnamalaryny baglaşmagyň hem-de hasaba almagyň tertibi hakynda Düzgünnama.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary

 

 

11 aprel 2014ý.                     № 13600                       Aşgabat şäheri

 

 

Döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň düzüm birliklerini
we esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň tertibi
hakynda

 

Türkmenistanda döwlet edaralaryny, kärhanalaryny we guramalaryny olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerini, binalaryny, desgalaryny hem-de beýleki esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegi düzgünleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1.                Döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerini we esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2.                «Döwlet kärhanalaryny, guramalaryny we edaralaryny, olaryň strukturalaýyn birliklerini, filiallaryny, bölümlerini, jaýlaryny hem-de desgalaryny başga birine bermegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran 1623-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Tükmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1993-nji ýyldaky 12-nji ýygyndysynyň 1771-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

3.                Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

 

Türkmenistanyň

Prezidenti

Gurbanguly

Berdimuhamedow

 

 

    

        


 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2014-nji ýylyň 11-nji aprelinde

çykaran 13600-nji karary bilen

tassyklandy

 

Döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň aýrybaşgalanan düzüm
birliklerini we esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň
TERTIBI

 

I. Umumy düzgünler

 

1.               Şu Tertip döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerini we esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň tertibini kesgitleýär.

2.               Şu Tertip döwlet emläklerini hususylaşdyrmak we olary ýerlemek bilen bagly amallara degişli däldir.

3.               Şu Tertipde ulanylýan esasy düşünjeler:

döwlet edaralary – döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

aýrybaşgalanan düzüm birlikleri – wekillikler, şahamçalar we beýlekiler;

esasy serişdeler – binalar, desgalar, enjamlar, ulag serişdeleri we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda esasy serişdelere degişli beýleki emläkler.

4.               Döwlet edaralary, kärhanalary we guramalary, aýrybaşgalanan düzüm birlikleri we esasy serişdeler döwlet edaralarynyň biriniň tabynlygyndan (garamagyndan) ýa-da hasabyndan beýleki döwlet edaralarynyň tabynlygyna (garamagyna) ýa-da hasabyna ähli emlägi bilen (Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa) muzdsuz berilýär. Şunda tabynlygyna (garamagyna) berlen döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň, aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň hukuklary we borçlary özlerinde saklanyp galýarlar.

5.              Döwlet edaralaryny, kärhanalaryny we guramalaryny aýrybaşgalanan düzüm birlikleri we esasy serişdeler şahsy taraplara, döwlete dahylsyz kärhanalara, paýdarlar jemgyýetlerine we döwlet kärhanalaryndan beýleki guramaçylyk-hukuk gömüşlerindäki kärhanalara bermek we satmak Türkmenistanyň hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite çözgüdi boýunça bolmasa, başga ýagdaýlarda gadagan edilýär.


 

II Döwlet edaralaryny, kärhanalaryny we guramalaryny bermek

 

6.               Döwlet edaralaryny, kärhanalaryny we guramalaryny (mundan beýläk - kärhanalar) döwlet edaralarynyň biri tarapyndan beýleki döwlet edaralaryna bermek işi şu aşakdaky tertipde geçirilýär:

a)              döwlet tabynlygyndan ýerli tabynlyga:

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş mimstrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşylan teklipleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça;

söwda, jemgyýetçilik iýmiti, jemagat hojalyk we ilata durmuş taýdan hyzmat ediş kärhanalary, saglygy goraýyş hem-de medeniyet edaralary, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralary we umumy bilim berýän mekdepler - degişlilikde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen ylalaşyp, soňra Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligine habar bermek bilen, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýruklary boýunça;

b)              ýerli tabynlykdan döwlet tabynlygyna:

degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň degişlilikde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşylan teklipleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça;

söwda, jemgyýetçilik iýmiti, jemagat hojalyk we ilata durmuş taýdan hyzmat ediş kärhanalary, saglygy goraýyş hem-de medeniýet edaralary, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralary we umumy bilim berýän mekdepler – degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ylalaşyp, sonra Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligine habar bermek bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň kararlary boýunça;

ç) ministrlikleriň we pudak edaralarynyň tabynlygyndan beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň tabynlygyna:

kärhanalar – şol ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşylan teklipleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça;

söwda, jemgyýetçilik iýmiti, jemagat hojalyk we ilata durmuş taýdan hyzmat ediş kärhanalary, saglygy goraýyş hem-de medeniýet edaralary, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralary we umumy bilim berýän mekdepler soňra Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligine habar bermek bilen, şol ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýruklary boýunça;

d)              kärhanalar – şol bir ministrligiň we pudak edarasynyň tabynlygynda durýan kärhananyň tabynlygyndan beýleki kärhananyň tabynlygyna şol ministrlik we pudak edarasynyň buýrugy boýunça;

e)              bir welaýatyň ýa-da Aşgabat şäheriniň häkimliginiň tabynlygyndan beýleki welaýatyň ýa-da Aşgabat şäheriniň häkimliginiň tabynlygyna:

kärhanalar – degişli häkimlikleriň Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň garamagyndaky kärhanalar boýunça bolsa, mundan başga-da degişli ministrlik ýa-da pudak edarasy bilen ylalaşylan teklipleri esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça;

söwda, jemgyýetçilik iýmiti, jemagat hojalyk we ilata durmuş taýdan hyzmat ediş kärhanalary, saglygy goraýyş hem-de medeniýet edaralary, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralary we umumy bilim berýän mekdepler - soňra Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligine habar bermek bilen, degişli ministrlik we pudak edarasy bilen ylalaşylyp, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň kararlary boýunça;

ä) kärhanalar - şol bir welaýatyň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň tabynlygynda durýan kärhananyň garamagyndan beýleki kärhananyň garamagyna - welaýatyň ýa-da Aşgabat şäheriniň häkiminiň karary boýunça.

Şu bölümiň «ä» kiçi bölüminde görkezilen, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň tabynlygyndaky kärhanalary şol bir welaýatyň we Aşgabat şäheriniň başga kärhanasynyň garamagyna bermek, soňra şol ministrlige, pudak edarasyna habar bermek bilen geçirilýär.

 

II.          Aýrybaşgalanan düzüm birliklerini bermek

7.                Aýrybaşgalanan düzüm birliklerini bermek degişliligi boýunça kärhanalary bermek üçin şu Tertip arkaly bellenen tertipde geçirilýär.

 

IV. Esasy serişdeleri bermek

8.                Esasy serişdeleri bermek şu Tertipde geçirilýär:

a)               ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryna - ministrlikleriň we pudak edaralarynyň degişli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen deslapdan yialaşylan buýruklary boýunça;

b)              ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan ministrliklere we pudak edaralaryna - welaýatyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen deslapdan ylalaşylan karary boýunça;

ç) ministrlikleriň we pudak edaralarynyň biri tarapyndan beýleki ministrliklere hem-de pudak edaralaryna - şol ministrlikleriň, pudak edaralarynyň buýruklary boýunça;

d)              ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasynyň biri tarapyndan beýleki ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasyna - welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň kararlary boýunça;

e)               şol bir ministrligiň, pudak edarasynyň tabynlygyndaky kärhanalaryň biri tarapyndan beýleki kärhanalaryna - şol ministrligiň, pudak edarasynyň buýrugy boýunça;

ä) şol bir ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasynyň garamagynda durýan ýerli tabynlykdaky kärhanalar tarapyndan ýerli tabynlykdaky beýleki kärhanalara - şol ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasynyň ýolbaşçysynyň karary boýunça.

             

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

 

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we

döwletemläginiňhususylaşdyrylmagyhakynda

 

 

Şu Kanun eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegine we maýa goýumlarynyň çekilmeginehem-de netijeli durmuş häsiýetli bazar ykdysadyýetiniňösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

 

1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy–döwlet kärhanasynyňesaslandyryjysy döwlet bolan ýa-da esaslandyryjylarynyň biri döwlet bolmaly paýdarlar jemgyýetine ýa-da beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmegi.

2. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emlägiň fiziki we (ýa-da) döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň eýeçiligine muzdly berilmegi.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň eýeçiligiň döwletiň

     garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň

     hususylaşdyrylmagy hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyhakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

1. Şu Kanunyň hereketi eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwlet emlägi hususylaşdyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara we döwlet emläginiň dolandyrylmagy boýunça olar bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişlidir.

2. Şu Kanunyň hereketi şu aşakdakylara degişli däldir:

1) döwletiň ýaşaýyş jaý gaznasy, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýändöwlet emlägi hususylaşdyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara;

2) erk-isleginiň garşysyna gidilip, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz alnyp ýa-da başga usul bilen döwlet eýeçiligine geçirilen emläge bolan emläk eýeleriniň, olaryň mirasdüşerleriniň emläk hukuklarynyň dikeldilmegine;

3) Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalary boýunça Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilýän ýagdaýlaryna.

 

4-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň

 wedöwlet emläginiňhususylaşdyrylmagynyň

 esasyýörelgeleri

Şu aşakdakylar eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

1) eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwletiň emlägi hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi;

2) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça çäreleriň bäsleşik esasynda geçirilmegi;

3) eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwlet emlägi hususylaşdyrylanda işgärleriň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi;

4) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň aýanlygy;

5) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiňhususylaşdyrylmagynyň barşynda döwlet we jemgyýetçilik gözegçiliginiň üpjün edilmegi.

 

5-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň

 wedöwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň

 esasyýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi

1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagywe döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça döwlet maksatnamasy (mundan beýläk - Döwlet maksatnamasy) esasynda amala aşyrylýar.

2. Döwlet maksatnamasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň gatnaşmaklarynda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ygtyýarly edara bolup durýan Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

6-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan

aýrylmagynyň we döwlet emläginiň

      hususylaşdyrylmagynyň obýektleri

1. Şu aşakdakylar eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyňwe döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup durýarlar:

1) emläk toplumy hökmünde -döwlet kärhanalary;

2) jaýlar, desgalar we gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler;

3) emläk toplumy hökmünde kärhananyň hususylaşdyrylmagy tehnologik tapgyryny bozmaýan önümçilik we önümçilik däl bölümleri we düzüm birlikleri;

4) döwlet kärhanalarynyň aýrybaşgalanan bölümleri;

5) döwlet kärhanalarynyň maddy we maddy däl aktiwleri;

6) ýaşaýyş jaýlaryndaky umumy peýdalanylýan meýdan hasap edilmeýän ýaşalmaýan meýdanlar;

7) paýdarlar jemgyýetleriniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň (şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürýän) emlägindäki gymmatly kagyzlaryňpaýy;

8) başga döwlet emlägi, muňa şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan emläk degişli däldir.

2. Şular eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň wedöwlet emläginiňhususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup bilmeýärler:ýerasty baýlyklar, tokaý gaznasy, suw resurslary, howa giňişligi, territorial suwlaryň we deňiz ykdysady zolagynyň resurslary, döwlet tarapyndan goralýan ýa-da aýratyn görnüşde peýdalanylýan tebigy çäkler, Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasyn obýektleri (seýrek duş gelýän medeni we tebigy ýadygärlikler hem-de tebigatyň, medeniýet taryhynyň, ylmyň we tehnikanyň obýektleri, şol sanda döwlet muzeýlerinde, arhiwlerinde we kitaphanalarynda saklanýan gymmatlyklar, şol sanda olaryň ýerleşýän otaglary hem jaýlary), şeýle hem ýer, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşun edaralarynyň, döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de pudaklaýyn akademiýalaryň emlägi, goranmak obýektleri, bir bitewi energetika ulgamy, umumy peýdalanylýan ulag ulgamlary, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri,Türkmenistanyň Merkezi banky we döwletiň beýleki karz edaralary hem-de olaryň döredýän karz resurslary, döwletiň ätiýaçlyk, ätiýaçlandyryş we beýleki gorlary, gidrometeorologiýa gullugynyň, daşky gurşawy we tebigy gorlary goramagyň, patent gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň obýektleriniň emlägi.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli bolmadyk obýektlere döwlet eýeçiligindäki başga obýektler hem degişli edilip bilner.

 

7-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň

 wedöwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň

 subýektleri

1. Döwlet emlägini satyn alyjylar bolup durýan: Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň ýuridik şahslary (olaryň şahamçalary, wekillikleri), daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri, şeýle hem  eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda işi amala aşyrýan ýa-da bu işe gatnaşýan döwlet edaralary eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiňhususylaşdyrylmagynyň subýektleri bolup bilerler.

2. Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

 

8-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň

 wedöwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň

     görnüşleri

1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) döwlet kärhanasynyňpaýdarlar jemgyýetine ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmegi;

2) döwlet emläginiňpaýdarlar jemgyýetiniň ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhananyň esaslyk maýasyna goýum hökmünde girizilmegi.

2. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) maýa goýum bäsleşiginde satylmagy;

2) bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagy;

3) döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagy;

4) hususylaşdyrmagyň obýektiniň göni (salgyly) satylmagy;

5) kärende şertinde ulanylýan obýektiň onuň kärendeçisine  satylmagy, söwda, hyzmat we administratiw maksatly obýektler muňa degişli däldir.

3. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň her bir obýekti boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň anyk görnüşi  Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

2-nji BAP. EÝEÇILIGIŇ DÖWLETIŇ GARAMAGYNDAN

RYLMAGY WE DÖWLET EMLÄGINIŇ

 HUSUSYLAŞDYRYLMAGY BOÝUNÇA

 IŞIŇ DÖWLET TARAPYNDAN

 DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE

 DOLANDYRYLMAGY

 

9-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we

 döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyboýunça

 işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan

   aýrylmagynyň we döwletemläginiň

hususylaşdyrylmagynyň dolandyrylmagyny

   amala aşyrýanedaralar

Ygtyýarly edara, şeýle hem öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji ýerli häkimýet edaralary eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we wlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň dolandyrylmagyny amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

                         eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy

                          wedöwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy

                          babatda ygtyýarlylyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda:

1) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) şulary tassyklaýar:

a) Döwlet maksatnamasyny;

b) Pudagara merkezi topar hakynda düzgünnamany;

3) ygtyýarly edaranyň ýanynda Pudagara merkezi topary  döredýär;

4) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryny çykarýar;

5) ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli obýektleriň sanawyny ylalaşýar;

6) hususylaşdyrylýan obýektiň göni (salgyly) satylmagy barada çözgüt kabul edýär;

7)Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

12-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy

                          wedöwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy

                          babatdaygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda:

1) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji ýerli häkimýet edaralary bilen bilelikde Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga hödürleýär;

3) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryny kabul edýär;

4) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli obýektleriň sanawyny tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri boýunça döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň görnüşini belleýär;

6) döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň obýektleri boýunça Ýörite topary döredýär we onuň işiniň netijelerini tassyklaýar;

7) döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli obýektler barada maglumatlaryň resmi metbugatda çap edilmegini üpjün edýär;

8) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň görnüşlerine laýyklykda döwlet emlägini satmak boýunça wezipeleri amala aşyrýar;

9) döwletiň hojalyk subýektleriniň maýasyndaky hususylaşdyrylmaga degişli paýnamalarynyň (paýynyň) hasabyny ýöredýär;

10) döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň tertibini, döwlet emläginiňmaýa goýum bäsleşiginde satylmagynyň tertibini, döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagynyň tertibini, kärende şertinde ulanylýan obýektiň satylmagynyň tertibini, döwlet kärhanasynyňpaýdarlar jemgyýetine ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmeginiň tertibini işläp düzýär we tassyklaýar; 

11) döwlet emläginisatyn almak-satmak şertnamalarynyň Mysaly görnüşlerini tassyklaýar;

12) döwlet emläginisatyn almak-satmak şertnamalaryny baglaşýar, şeýle hem olaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

© Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi