Beýleki döwlet edaralaryň Internet sahypalary
  

Türkmenistanyň Daşary Ykdysady
     Döwlet Bank


  

Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" Döwlet
     Täjirçilik Banky


  

Türkmenistanyň "Türkmenistan" Döwlet
     Täjirçilik Banky


  

Türkmenistanyň "Daýhanbank" Döwlet
     Täjirçilik Banky


 
Ygtyýarlylandyryş
 
    
     Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik müdirligi hakynda                      
                                                                                                                        Düzgünnama 
          I. Umumy düzgünler:
         
         1.1. ŏu Düzgünnama hereket edýän kanunçylyga, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sindäki 4995-nji Permanyna, Türkmenistanyn Prezidentiniň 2008-nji ýylyň fewral aýynyň 14-indäki 9515-nji we 2009-njy ýylyň iýun aýynyň 25-indäki 10496-njy kararyna, Türkmenistanyn Ykdysadyýet we ösüş mininstrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenip düzülip, Ministrligiň Ygtyýarlylandyryş we ygtyýarlylandyrmak işine gözegçilik müdirliginiň (mundan beýläk - Müdirlik) wezipelerini, maksatlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we ministrligiň beýleki müdirlikleri we bölümleri bilen özara gatnaşyklaryny kesgitleýär.
         1.2. Müdirlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyna, Türkmenistanyň Kanunlarynyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryna, kararlaryna we buýruklaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hakyndaky Düzgünnamasyna, buýruklaryna we beýleki kadalaşdyryjy namalaryna goldanýar.
         1.3. Müdirlik Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministirliginiň düzüm bölegi bolup durýar.
         1.4. Müdirlik öz işiniň netijesi we hili barasynda, şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylan borçlaryň çäklerinde jogapkärçilik çekýär.

         II. Müdirligiň düzümi we işiniň guralyşy:

         2.1. Müdirligiň düzümine aşakdaky bölümler degişlidir:
         a) Döwlet tarapyndan gözegçilik bölümi;
         b) Ygtyýarlylandyrmak bölümi.
        Müdirlik Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň buýrugy bilen tassyklanan meýilnamalar we maksatnamalar boýunça işleýär.
         2.2. Müdirligin düzümi we işgärleriniň sany Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wezipe sanawy bilen kesgitlenilýär.
         2.3. Müdirlige Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri tarapyndan bellenen başlyk ýolbaşçylyk edýär.
         2.4. Müdirlik tarapyndan ministre, onuň orunbasaryna, şeýle hem ministrligiň düzümindäki beýleki müdirliklere we bölümlere berilýän maglumatlara we resminamalara Müdirligiň başlygy, onuň ýok halatynda Müdirligiň başlygynyň orunbasary tarapyndan gol çekilýär.
         2.5. Müdirligiň adyndan onuň ygtyýarlygyna girýän meseleler boýunça degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralara, guramalara we kärhanalara hödürlenýän resminamalara Ministr (ýa-da onuň Müdirlige gözegçilik edýän orunbasary) gol çekmäge hukuklydyr.
         2.6. Müdirligiň işgärleri Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş Ministri tarapyndan wezipä bellenilýär we ondan boşadylýar.
         2.7. Müdirligiň işgarleriniň wezipe borçlary wezipe gollanmalary esasynda kesgitlenýär.
         2.8. Wezipe gollanmasy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş Ministri tarapyndan tassyklanylýar.
         2.9. Müdirlik tarapyndan taýýarlanýan ygtyýarnamalara Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri ýa-da onuň Müdirlige gözegçilik edýän orunbasary tarapyndan gol çekilýär.
         
         III. Esasy maksatlary we wezipeleri:

         3.1. Müdirligiň maksatlary:
         - Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek;
         - ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kämilleşdirmek;
         - ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan berilýän ygtyýarlylandyrmak hakyndaky teklipleriň taslamalaryna garamak we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna bermek;
         - ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnamany uzaltmak, gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek, möhletinden öň bes etmek hakyndaky arzanyň nusgasyny tassyklamak;
         - ygtyýarnamanyň ýeke-täk görnüşini tassyklaýar;
         - ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyny döretmek;
         - ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini seljermegiň we Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankynyň esasynda ygtyýarlylandyrmak babatyndaky iş hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenilen tertipde maglumat bermek;
         - rieltorçylyk işini, baha kesmek işi ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmak
         
         3.2. Müdirligiň wezipeleri:
         - ygtyýarlylandyryjy edaralardan zerur resminamalary we maglumatlary soraýar we alýar;
         - ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan daşary barlaglaryny, şol sanda şikaýatlaryň, arzalaryň we beýleki resmi ýüz tutmalaryň esasynda geçirýär, ýüze çykarylan düzgün bozulmalary görkezmek bilen barlaglaryň netijeleri boýunça ykrarnamalary düzýär;
         - ygtyýarlylandyryjy edaralar barlananda ygtyýarnamaly (maglumatlar berýän şahslar) tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlyşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligiň barlygyny/ýoklugyny anyklaýar;
         - ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyny ýöredýär;
         - ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyndaky bar bolan maglumatlary kameral deňeşdirip barlamak arkaly, şeýle hem ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň barlaglarynyň ykrarnamalarynyň esasynda olaryň işlerine seljerme geçirýär;
         - ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň möhletlerini görkezmek bilen karar kabul edýär;
         - ygtyýarnamanyň blanklaryny taýýarlamak üçin bellenen tertipde buýurma resmileşdirýär;
         - ygtyýarnamalaryň taýýarlanylan blanklaryny almak, olary ygtyýarlylandyryjy edaralara bermek, olardan ygtyýarnamanyň zaýalanan we hereketi bes edilen (ýatyrylan) blanklaryny yzyna almak;
         - ygtyýarnamanyň blanklaryny ygtyýarlylandyryjy edaralara bermek, hasaba almak;
         - ygtyýarnama blanklary ýok etmek bilen baglanyşykly işler ýerine ýetirmek;
         - ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünleri bozmak bilen kabul edilen kararlaryň ýatyrylmagyny talap edýär;
         - rieltorçylyk işini, baha kesmek işi ygtyýarlylandyrýar;
         - rieltorlaryň we baha kesijileriň sanawynyň maglumatlar bankyny ýöredýär;
         - rieltorlaryň we baha kesijileriň okuwyny gurnaýar;
         - rieltorçylyk işini, baha kesmek işi amala aşyrýan ygtyýarnamaly edaralary meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan daşary barlaglaryny, şol sanda şikaýatlaryň, arzalaryň we beýleki resmi ýüz tutmalaryň esasynda geçirýär, ýüze çykarylan düzgün bozulmalary görkezmek bilen barlaglaryň netijeleri boýunça ykrarnamalary düzýär;
         - rieltorçylyk kärhanalary tarapyndan (öz müşderileri üçin gozgalmaýan emlägi satyn almak ýa-da satmak boýunça şübheli amallar hakynda maglumatlar berýän şahslar hökmünde) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegi amala aşyrýar;
         - rieltorçylyk işine, baha kesmek işine ygtyýarnamalary gaýtadan resmileşdirýär;
         - rieltorçylyk işine, baha kesmek işine ygtyýarnamanyň hereketini togtadýarlar, uzaldýarlar, dikeldýärler ýa-da möhletinden öň bes edýär;
         - rieltorçylyk işine, baha kesmek işine ygtyýarnamany ýatyrýarlar ýa-da başga halatlarda ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýete hak islegi bilen ýüz tutýar;
         - rieltorçylyk işi, baha kesmek işi boýunça ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny döredýärler;
         - rieltorçylyk işini, baha kesmek işini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamalynyň işi hakyndaky maglumatlary barlamak;
         - hak isleg arzasy bilen kazyýete ýüz tutýar.
         - Müdirligiň ygtyýarlygyna degişli meseleler boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň we raýatlaryň hatlaryna, tekliplerine we ýüz tutmalaryna seretmek;
         - Müdirligiň öz ygtyýarlygyna girýän meseleleri boýunça taslamalary işläp taýýarlamak, maslahatlaşmak we seljermek;
         - Müdirligiň ygtyýarlygyna girýän meseleleri boýunça maslahatlary geçirmäge, bu maslahatlara gatnaşmaga ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň wekillerini çekmäge;
         - Müdirlik ministrligiň beýleki müdirlikleri we bölümleri bilen ýakyn gatnaşykda işlemäge hem-de gyzyklanýan müdirliklere we bölümlere degişli resminamalary bermäge;
         - Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Müdirligiň ygtyýarlygyna girýän tabşyryklarynyň bellenilen möhletlerde oňat hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň beýleki müdirlikleri we bölümleri bilen bilelikde zerur resminamalary hem-de maglumatlary taýýarlamaga gatnaşmaga;
         - Müdirligiň işgärleriniň borçlaryny hem-de jogapkärçilik derejesini kesgitlemäge;
         - Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleriniň, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň buýruklarynyň hem-de kadalaşdyryjy namalarynyň wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmäge;
         - Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna we şu düzgünnama laýyklykda Türkmenistanda ygtyýarlylandyryş ulgamynyň netijeli we ýokary hilli işlemegini üpjün etmäge;
         - Türkmenistanda ygtyýarlylandyryş işine degişli kanunlary we kadalaşdyryjy hukuknamalary kämilleşdirmäge;
         - hukuklaryň bozulmalary we jedelli meseleler boýunça raýatlaryň we edara görnüşli taraplaryň arzalaryna kanunçylyk esasynda seretmäge;
         - Müdirligiň hünärmenleriniň işlerine baha bermäge we olary höweslendirmek ýa-da käýinç bermek barada öz tekliplerini bermäge;
         - Müdirlikde öz wagtynda, takyk we dogry iş ýöretmegi üpjün edmäge;
         - Müdirligiň işgärleriniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan zähmet şertlerini döretmge;
         - Maddy-tehniki taýdan üpjün etmäge we hyzmat etmäge
         
         IV. Ministrligiň başga müdirlikleri (bölümleri) bilen aragatnaşygy:
         
         4.1. ösüş-ykdysady meseleleriň toplumlaýyn işlenip düzülmegini üpjün etmek üçin öz işini Ministrligiň beýleki müdirlikleri, bölümleri we sebitlerdäki bölümleri bilen örän jebis aragatnaşykda alyp barýar.
         4.2. Beýleki müdirliklere we bölümlere gerek bolan ýagdaýynda Müdirligiň ygtyýarlygyna degişli meseleler boýunça maglumatlary, hasabatlary we beýleki resminamalary berýär.
© Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi