Beýleki döwlet edaralaryň Internet sahypalary
  

Türkmenistanyň Daşary Ykdysady
     Döwlet Bank


  

Türkmenistanyň "Türkmenbaşy" Döwlet
     Täjirçilik Banky


  

Türkmenistanyň "Türkmenistan" Döwlet
     Täjirçilik Banky


  

Türkmenistanyň "Daýhanbank" Döwlet
     Täjirçilik Banky


 
Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak
 

Möhümleşdirmek (gündelik üýtgetmeleri hasaba alyş we olaryň hasabyny ýörediş halatyny tassyklamak)

 

* Hasaba alynýanlaryň maglumatlarynyň gündelik üýtgemeginiň hasabyny ýöretmek üçin, Hasaba alyş müdirligi möhümleşdirmek (döwlet tarapyndan hasaba alnandygyny we olary öz tertipnamalarynda (düzgünnamalarynda) göz öňünde tutulan işi amala aşyrýandygyny tassyklamak) işlerini sanawdan göçürmäniň möhletini uzaltmak, bellenmek hem-de göçürmäni çalyşmak arkaly amala aşyrýar.

* Sanawdan göçürmeleriň hereket edýän möhleti 3 (üç) ýyl diýlip bellenýär.

* Umumydöwlet ähmiýetli wezipeleri amala aşyrýan merkezi döwlet edaralary we guramalary üçin sanawdan göçürmeleriň hereket edýän möhleti bellenmeýär.

* Sanawdan göçürme hasaba alynýanlaryň hasaba alnan senesinden beýläk degişli möhlet bilen berilýär.

Sanawdan göçürmäniň möhleti onuň tamamlanan möhletinden beýläk degişli möhlet bilen uzaldylýar.

* Sanawdan göçürmeleriň hereket edýän möhletiniň tamamlanan ýagdaýynda, hasaba alynýanlar üçin sanawdan göçürmäniň möhletini uzaltmak hökmany amal bolup durýar.

* Hasaba alynýanlar sanawdan göçürmäni möhümleşdirmek üçin bellenen möhletiniň tamamlanmagyna 14 (on dört) iş güni öňünden Hasaba alyş müdirligine şulary bermelidir:

arza (erkin görnüşi);

sanawdan göçürmäniň asyl nusgasy, degişli edaralaryň bellikleri bilen;

esaslandyryjylaryň we ýolbaşçynyň şahsy kagyzlary, pasport nusgalary we onuň wezipä bellenmegi hakyndaky çözgüdiň nusgasy;

esaslyk maýanyň tölenendigini tassyklaýan resminama; 4

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

esaslandyryjynyň sanawdan göçürmesiniň nusgasy;

hasaba alynýanyň öz tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan işi amala aşyrýandygy baradaky maglumat haty;

sanawdan göçürmäniň möhletini uzaltmak üçin hasaba alyş töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama.

* Hasaba alyş müdirligi, hasaba alynýanlaryň sanawdan göçürmesindäki maglumatlaryň üýtgemegi bilen baglanyşykly arzalary we tölegleri esasynda sanawdan göçürmäni çalşyp berýär.

* Daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň, şahamçalaryň we wekillikleriň bellige alynmagy (akkreditasiýa) üçin şu resminamalar berilýär:

bellenmek baradaky arza (hasaba alynýan tarapyndan erkin görnüşde we terjime edaralary tarapyndan terjimesi bilen bilelikde);

şahadatnamanyň asyl nusgasy;

hasaba alynýanyň öz tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan işi amala aşyrýandygy baradaky maglumat haty;

ýolbaşçynyň şahsy kagyzy we pasportynyň nusgasy;

ýolbaşçynyň esaslandyryjy tarapyndan berlen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzülen ynanç hatynyň nusgasy;

salgyt gullugy edaralaryndan we hyzmat ediji banklardan bergileriniň (2-nji tekje boýunça) ýokdygyny tassyklaýan resminama;

hukuk salgysynyň tassyk haty (degişli şäher we etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär);

bellenmek üçin hasaba alyş töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama.

Daşary ýurt edara görnüşli taraplar, şahamçalar we wekillikler 3 (üç) ýyl möhlet bilen bellige (akkreditasiýa) alynýar.

* Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky Karary bilen tassyklanan “Edara görnüşli taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagyň we olaryň hasabyny ýöretmegiň Tertibiniň73-nji we 75-nji bölümlerinde görkezilen resminamalar bellenen möhletde tabşyrylmadyk ýagdaýynda, degişli resminamalaryň ýanyna hasaba alynýanyň esaslandyrylan sebäbi görkezilen düşündiriş haty goşulýar.

* Hasaba alynýanlar öz wagtynda resminamalaryny möhümleşdirmedik ýagdaýynda her goýberilen döwür üçin şu Tertibiň goşundysyna laýyklykda hasaba alyş töleglerini töleýär.

 

Hasaba alyş ýygymlarynyň we hasaba alyş tölegleriniň

möçberleri

 

Hasaba almagyň (gaýtadan hasaba almagyň görnüşleri)

Ölçeg birligi

Hasaba alyş ýygymy

Hasaba alyş tölegi

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalary hasaba almak

manat

8000

 

Daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň şahamçalaryny we wekilliklerini hasaba almak

manat

8000

 

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň şahamçalaryny we wekilliklerini hasaba almak

manat

2000

 

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalary, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini gaýtadan hasaba almak

manat

2000

 

Daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşmaýan kärhanalary, şahamçalary we wekillikleri hasaba almak;

manat

200

 

Daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşmaýan kärhanalary, şahamçalary we wekillikleri gaýtadan hasaba almak

manat

100

 

Daýhan hojalyklaryny, daýhan birleşiklerini, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini hasaba almak

manat

100

 

Daýhan hojalyklaryny, daýhan birleşiklerini, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini gaýtadan hasaba almak

manat

100

 

Daşary ykdysady işe gatnaşyjyny hasaba almak

manat

1800

 

Daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň şahamçalaryny we wekilliklerini resmi taýdan bellemegiň möhletini uzaltmak

manat

 

6 000

Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň möhletini uzaltmak

manat

 

50

Hasaba alynmak bilen bagly şahadatnamalaryň we esaslandyryş resminamalarynyň öwezliklerini resmileşdirmek

manat

 

50

Hasaba alynmak bilen bagly resminamalaryň nusgalaryny kepillendirmek we degişli delil hatlary bermek

manat

 

10

Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäni çalşyp bermek

manat

 

10

 

© Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi